info@akgaya.com +99312 75 45 57

Gips we gury minom önümçiligi

1994-nji ýylda doganlar Annamyrat we Şamyrat Apowowlar “Bedew” bazarynda gurluşyk garyndylarynyň söwdasyny ýerine ýetirmek üçin “Ak-Gaýa” HK-ny bellige aldyrdylar. “Ak-Gaýa” HK-nyň direktory wezipesine Annamyrat Apowow bellenildi. Ilki başda doganlaryň hiç hili söwda nokatlary bolmady we söwdalar ulagda ýerine ýetirilýädi. 1997-nji ýylda söwdanyň ýokarlanmagynyň hasabyna “Bedew” bazarynda söwda etmek üçin jaý kireýne alyndy. 2002-nji ýylda dükany satyn alyp, doganlar Türkiýe döwletinden özbaşdak haryt getirmäge başladylar. 2005-nji ýylda söwdanyň ösmegi bilen, söwda nokatlarynyň sany köpelip başlady. Iki sany dükan “Altyn asyr” (jygyldyk) bazarynda we biri “Bedew” bazarynda ýerleşýärdi.

2015-nji ýylda öz önümçiligine başlamak kararyna gelindi, şol sebäpden “Ak-Gaýa” Hususy kärhanasy “Ak-Gaýa” Hojalyk jemgyýeti diýlip gaýtadan bellige alyndy. Kärhana gurluşyk garyndylaryny we gips kartony öndürýän zawodyň gurluşygy üçin Balkan welaýatyndan 25 Ga ýer bölegine möhletsiz ulanmaga aldy. Önümçilik zawodynyň gurluşygy öz serişdeleriniň hasabyna, Topara degişli “Ak-Ýaýla” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şol ýylda “Ak-Gaýa” HJ-ti dükanlary we ammarlary gurmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar wer Telekeçiler Birleşmesiniň Ahal welaýatyndaky senagat zolagyndan 2,12 Ga meýdanly ýer bölegini kireýne alýar. Gurluşyk şeýle-hem “Ak-Ýaýla” HJ-ti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şol ýylda, kärhana maldarçylyk işini ösdürmek üçin Ahal welaýatynyň “Bereket” daýhan birleşiginden 39 ýyllyk 300 gektar ýer bölegini kärendesine aldy, olardan 290 gektary iým ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, 10 gektary maldarçylyk fermasy üçin bölünip berildi.

2016-njy ýylda TsweTB-niň senagat zolagyndaky dükanlary we ammarlary bellige aldyryp, gurluşyk materiallaryň, şeýle-hem öý harytlarynyň söwdasyny alyp barýar. 2018-2020-nji ýylda Topar öz güýji bilen önümçilik toplumyny gurmagy dowam edýär, ýerli bank edarasynyň karz serişdeleriniň hasabyna enjamlary satyn alýar we ýuwaş-ýuwaşdan gurluşyk garyndylarynyň we gips kartonyň önümçiligini ýola goýýar. 2018-nji ýylda “Ak-Gaýa” HJ-ti özüniň “Ak-Alçi” şpaklýowkanyň we suwagyň söwda nyşanyny bellige aldyrýar. 2020-nji ýylda Balkan welaýatyndaky gurluşyk garyndylaryny we gips kartony öndürýän zawodynda gipsden asma potokolaryň we profilleriň önümçiligini ösdürmek üçin Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankyndan karz serişdelerini aldy. 2021-nji ýylda “Ak-Gaýa” HJ-ti gipsden asma potoloklaryň we birnäçe profilleriň görnüşleriniň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.

2020-nji ýylda kärhana aýlaw köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýy ofis hökmünde ulanmak üçin 36 ýyllyk kärendesine alýar. 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Balkan welaýatynda gurluşyk garyndylarynyň we gips kartonyň önümçiligi boýunça zawodyň açylyş dabarasy boldy.